22k+

Türkmenistanyň ýardam bermegi netijesinde 4000 adam Eýrandan öz ýurduna dolandy

Türkmenistan ynsanperwer geçelgeler arkaly Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurtly raýatlaryň bökdençsiz üstaşyr ugradylmagy üçin ýardam bermegini dowam edýär. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu günki güne çenli 52 döwlet Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen baglylykda, öz raýatlaryny yzyna gaýtaryp getirmek boýunça kömek sorap Türkmenistana ýüz tutdy...

2.8k+

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti boldy

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti wezipesine girişdi. Dabara duşenbe güni Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden HOK-yň öňki prezidenti Tomas Bah öz ygtyýarlyklaryny oňa geçirdi...

9.3k+

Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak bugdaý taýýar edildi

Türkmenistanyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar.   Meýilnama laýyklykda, Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektar meýdandan bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär...

4.4k+

Maýkl Jordanyň awtografy bolan kolleksiýa otkrytkasy £2,2 mln baha satylyp bilner

Joopiter onlaýn auksionynda Maýkl Jordanyň goly goýlan 1980-nji ýyllaryň seýrek kolleksiýa otkrytkasy satuwa çykaryldy. Söwda 26-njy iýuna çenli dowam eder diýip, What’s Jam neşiri habar berýär. “Bu kart – ýönekeý bir kolleksiýa predmetinden has uly zat, bu sportuň we pop-medeniýetiň bir bölegi...

2.2k+

Alkaras Londondaky ATP 500 ýaryşynda 21-nji titulyny gazandy

Dünýäniň ikinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras Londonda geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda reýtingiň 30-njy ornuny eýeleýän çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Oýun 7:5, 6:7 (5:7), 6:2 hasabynda tamamlandy...

20k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (23.06 - 29.06)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

6.9k+

Türkmen karateçileri Bişkekde Merkezi Aziýanyň çempionatynda 12 medal gazandylar

Türkmenistanly karateçiler Bişkek şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň WKF karate boýunça 10-njy çempionatynda jemi 12 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň karate-do federasiýasy habar berdi. Ýaryşa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan gelen 609 türgen gatnaşýar...

6.8k+

Samsung islegiň peselmegi sebäpli Galaxy S25 Edge smartfonynyň önümçiligini azaldýar

Samsung Galaxy S25 Edge smartfony mahabat kampaniýalaryna we alyjylara wada berlen bonuslara garamazdan, satuwa gowşak başlady we şowsuz bolmaga ýakynlaşýar. Günorta Koreýanyň The Elec neşiriniň habar bermegine görä, smartfonyň satuwy kompaniýanyň çaklamalaryndan pes boldy, şol sebäpli Samsung onuň önümçilik möçberini azaltdy...

8.3k+

Ispaniýada saç ekilmeginiň ornuny tutup biljek derman döretdiler

Ispaniýaly barlagçylar androgenetik alopesiýaly (erkek adamlaryň saçynyň dökülmegi bilen deň) laboratoriýa syçanlarynda tüý örtüginiň doly dikeldilmegini gazandylar. Bu üstünlik saç dökülmegine garşy täze dermanlar üçin esas bolup biler diýip, New-York Post ýazýar...

3.9k+

Barlag: Aý tozanyndan dem almak ozal pikir edilişi ýaly howply däl

Kosmiki lukmançylyk merkezi bilen beýleki institutlaryň alymlary regolitiň, ýagny Aý tozanynyň potensial zäherliligini barlamak üçin laboratoriýa barlaglaryny geçirdiler. Ýerdäki tozandan tapawutlylykda, Aýdaky tozan bölejikleri has ýiti we eroziýa sezewar bolmansoň, olardan dem almak ozal has howply hasap edilýärdi...

8k+

Honda harytlary daşamak üçin niýetlenen pedally ýük kwadrosiklini döretdi

Honda kompaniýasy şäher şertleri üçin ýörite işlenip düzülen täze eQuad elektrikli kwadrosiklini görkezdi. Bu model welosiped ýollarynda hereket etmek we ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Ykjam dört tigirli ulag serişdesi sürüjiniň oturgyjynyň yzynda ýerleşýän ýük bölümi we welosiped pedallary bilen enjamlaşdyrylandyr...

11k+

Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy deňiz buzunyň eremegi sebäpli iki esseden gowrak azaldy

Antarktikadaky Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy 1977-nji ýyldan bäri 54% azaldy. Bu barada Global Change Biology žurnalyndaky gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär. Gözegçilik 1970-nji ýyllardan bäri subantarktika sebitinde, aýratynam, Signýu adasynda deňiz süýdemdirijileriniň sanyny öwrenýän Britaniýanyň antarktika gullugynyň (BAS) hünärmenleri tarapyndan geçirildi...

4.6k+

Honor iň inçe we ýeňil eplenýän smartfony bilen Samsung-dan öňe geçer

Honor kompaniýasy Galaxy Z Fold 7 çykmazdan öň Magic V5 modelini hödürlemek bilen eplenýän smartfonlaryň bazarynda Samsung-y gysyp çykarmak isleýär. Hytaý kompaniýasy smartfonyň suraty bilen tizer hödürläp, onuň tanyşdyryljak senesiniň 2-nji iýulda boljakdygyny yglan etdi...