“Liwerpul” deňiz tolkunynyň reňkinde täze eşik toplumyny hödürledi

  • 09.09.2025 23:10
  • 6.7k+

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Ol tomusdan bäri toparyň tehniki hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän adidas tarapyndan taýýarlandy.

Täze eşik deňiz tolkunynyň reňkinde ýerine ýetirildi we 1990-njy ýyllardaky we 2000-nji ýyllaryň başyndaky klub eşiginiň stilinde döredildi.
Köýnekçäniň arka tarapynda “Hillsboro” stadionyndaky betbagtçylygyň pidalarynyň hatyrasyna baky alaw bilen 97 belgili nyşan ýerleşdirildi.
Derwezebanyň eşigi gara reňkde ýerine ýetirildi.

“Eşik toplumy “Liwerpulyň” 1987-nji ýyldan 1992-nji ýyl aralygynda ulanylan nusgawy nyşanyna gaýdyp gelip, taryhy mirasyň atmosferasyny döredýär we geçmiş baradaky ýatlamalary döwrebap stil bilen birleşdirýär” – diýlip, klubuň resmi saýtyndaky beýanda aýdylýar.

Oýun toplumyndan başga-da, kolleksiýa türgenleşik eşiklerini, gündelik eşikleri, başgaplary, aksessuarlary we LFC Gazelle krossowkalaryny öz içine alýar.
Erkekler topary täze eşikde ilkinji gezek 14-nji sentýabrda Angliýanyň premýer-ligasynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde “Býornlä” garşy myhmançylyk oýnunda oýnar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......