Stoluň üstünde goýulýan 56 santimetrlik Aston Martin-i hakyky ulagyň bahasyndan satmakçy bolýarlar

  • 09.09.2025 09:59
  • 8.6k+

Seýrek ulaglaryň we superkarlaryň takyk miniatýura nusgalaryny ýasaýandygy bilen tanalýan Britaniýanyň Amalgam studiýasy täze modeli - 1:8 masştabdaky  Aston Martin Valkyrie superkaryny hödürledi.

Beýik Britaniýada onuň bahalary 14 740 funt sterlingden (19 900 dollar töweregi) başlaýar, bu hakyky Dacia Sandero-niň bir komplektasiýasyndan bary-ýogy 25 funt sterling gymmat.
Stoluň üstünde goýulýan Aston Martin Valkyrie öndürijiniň asyl çyzgylaryny ulanyp we Aston Martin-niň dizaýnerleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. Taslama kompaniýa tarapyndan doly makullandy. Ony işläp düzmek üçin, takmynan, 3 müň adam sagady sarp edildi we her nusgany el bilen ýygnamak goşmaça 300 sagat wagt aldy.


Amalgam kupe we rodster görnüşinde Valkyrie-niň bary-ýogy 199 nusgasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Esasy model Podium Green zawod öwüşgininde we gara salon bilen enjamlaşdyrylan görnüşde çykýar. 20 640 funta (27 900 dollar) ýörite boýag işi we içerki bezeg bilen doly şahsylaşdyrylan modeli sargyt edip bolýar.

düýn 21:15
1.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.7k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....