Ariana Grande MTV VMA-nyň baş baýragyny, Ledi Gaga bolsa iň köp heýkeljik aldy

  • 09.09.2025 09:35
  • 4k+

Nýu-Ýorkda 42-nji MTV Video Music Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Baş baýragy - “Ýylyň wideosy” baýragyny Ariana Grande  “Brighter Days Ahead” atly gysga metražly filmi üçin aldy. Aýdymçy öýüne jemi üç heýkel äkitdi diýip, The Hollywood Reporter ýazýar.

Iň köp, ýagny dört baýragy Ledi Gaga aldy, şol sanda ol “Ýylyň aýdymçysy” kategoriýasynda hem baýraga mynasyp boldy. Sabrina Karpenter “Short n’ Sweet” plastinkasy üçin “Iň gowy albomy” hem goşmak bilen, üç heýkeljik gazandy.
Keý-pop ýyldyzy Roze bilen Bruno Marsyň ýazan “APT” aýdymy “Ýylyň aýdymy” diýlip yglan edildi. Blackpink “Iň gowy aýdym-saz topary” adyna eýe boldy, Ledi Gaga bilen Bruno Marsyň “Die With a Smile” kompozisiýasy “Iň oňat aýdym-saz kollaborasiýasy” hökmünde saýlandy.
Hormatly baýraklar Meraýýa Kerä (Video Vanguard Award), Basta Raýmsa (taryhda ilkinji Rock the Bells Visionary Award baýragy) we Riki Martine (Latin Icon Award) nesip etdi.
Bu ýyl VMA iki sany täze kategoriýa goşuldy: “Iň gowy pop aýdymçy” we “Iň gowy kantri-wideo”. Birinjisini Sabrina Karpenter, ikinjisi – “Am I Okay?” üçin Megan Moroni aldy.

Esasy dalaşgärlikde ýeňijileriň sanawy:

  • Ýylyň wideosy - Ariana Grande " Brighter Days Ahead "
  • Ýylyň aýdymçysy - Ledi Gaga
  • Ýylyň aýdymy - Roze we Bruno Mars "APT"
  • Iň gowy albom - Sabrina Karpenter "Short n’ Sweet"
  • Iň oňat aýdym-saz topary - Blackpink
  • Iň oňat täze aýdymçy - Aleks Uorren
  • Iň oňat pop-aýdymçy - Sabrina Karpenter
  • Iň oňat hyzmatdaşlyk: Ledi Gaga we Bruno Mars "Die With a Smile"
  • Iň oňat pop-wideo - Ariana Grande " Brighter Days Ahead "
  • Iň oňat hip-hop wideo - Doechii "Anxiety"
  • Iň oňat R&B wideo - Meraýýa Keri " Type Dangerous "
  • Iň oňat alternatiw wideo - Sombr "Back to Friends"
  • Iň gowusy rok - wideo - Coldplay “All My Love”
  • Iň gowy latyna-wideo - Şakira "Soltera"
  • Iň gowy keý-pop-wideo - Lisa ft Doja Cat & Raye " Born Again "
  • Iň gowusy afrobits - wideo - Tyla “Push 2 Start”
  • Iň gowy kantri-wideo - Megan Moroni " Am I Okay?"
  • Iň oňat wizual effektler - Sabrina Karpenter "Manchild" (Waniýa Heýmanyň we Tal Baltuhyň wizual effektleri)
  • Tomsuň iň gowy aýdymy - Tate MakRae "Just Keep Watching"
şu gün 11:17
2.7k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
799

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......