Ahal welaýatynda Döwletli mekan obasy açyldy: onda nämeler bar?

  • 10.09.2025 10:50
  • 24k+

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Täze oba 400 sany ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini özünde jemleýär. Bu ýerde döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň, ýörite seýilgähiň döredilmegi taslamanyň durmuşa geçirilişine hemmetaraplaýyn, şol sanda ekologik abadançylyk nukdaýnazaryndan oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.


Geňeşligiň edara binasynda işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Saglyk öýünde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, oba ilatyna zerur saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürlemek babatda zerur şertler döredilipdir. Ýanaşyk ýerde gurlan dermanhana bolsa oba ýaşaýjylaryny lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün eder. Täze obada gurlan iki gatly umumybilim berýän orta mekdebiň we çagalar bagynyň mümkinçilikleri diňe bir Döwletli mekan obasynyň däl, eýsem, oňa ýanaşyk ilatly ýerleriň çagalarynyň hem döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin şert döredýär. Mekdepde multimedia enjamlary ornaşdyrylan synp otaglary, mejlisler otagy, üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary, kömekçi desgalar hereket edýär. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Oýun meýdançalarynyň töwereginde bolsa dürli saýaly baglar oturdylypdyr.
Söwda merkezinde ilatyň gündelik sarp edýän azyk we hojalyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrmak mümkindir. 









şu gün 15:39
281

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....