Adobe hiç hili belliksiz mugt Premiere Mobile wideoredaktoryny işe girizdi

  • 08.09.2025 17:20
  • 4.1k+

Adobe smartfonlar we planşetler üçin doly derejeli wideoredaktoryň – Premiere Mobile-yň işe girizilendigini habar berdi. Ol TikTok, Instagram we YouTube üçin kontent döredijilere gönükdirilýär. Goşundy 30-njy sentýabrda iPhone we iPad üçin çykar, Android wersiýasy bolsa gijräk peýda bolar.

Premiere Mobile-yň esasy artykmaçlygy – ol mugt we hiç hili suw gorag belliklerini goýmaýar, bu hem ony köp bäsdeşlerinden tapawutlandyrýar.
Kompaniýa köp programmalarda peýdaly funksiýalaryň töleglidigini ýa-da mahabat we suw belliklerini goşýandygyny, Premiere Mobile-yň bolsa esasy funksiýalary mugt hödürlejekdigini belleýär. Diňe Creative Cloud bulut ammary we emeli aňa esaslanýan generatiw funksiýalar tölegli bolar.
Programma şu aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär:

  • ·Sensor dolandyryşy üçin adaptirlenen interfeýs – barmak ýa-da stilus bilen aňsat dolandyryş;
  • ·4K HDR çenli wideo eksporty;
  • ·Tekst beýany boýunça ses effektlerini döretmek üçin Adobe AI gurallary (ähtimal, tölegli funksiýa);
  • ·Adobe Stock-dan mugt fon aýdymlary;
  • ·Sosial ulgamlara göni eksport: TikTok, Instagram Reels, YouTube Shorts;
  • ·PK-da Premiere Pro bilen baglanyşdyrmak – montaža ykjam gurluşda başlamak we kompýuterde tamamlamak bolýar.

Adobe mobil wideomontažyna döredijiler üçin täze mümkinçilik hökmünde bil baglaýar, bu hem kompaniýany adaty ýazylyşyk esasly Creative Cloud modelinden tapawutlandyrýar.

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......