Düýbünden täze iPhone Air – taryhda iň inçe iPhone hödürlendi

  • 10.09.2025 15:56
  • 7.9k+

Apple kompaniýasy eSIM goldawy bilen düýbünden täze modelini – iPhone Air-i hödürledi. Smartfonyň ýogynlygy 5,6 mm, agramy 165 g bolup, bu ony taryhda iň inçe iPhone edýär.

Smartfonyň korpusy titan çarçuwa eýe boldy. Öň ýüzünde we arka tarapda sypjyryklara üç esse durnukly bolan täze Ceramic Shield 2 gorag örtügi ulanyldy.
iPhone Air täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli we iň ýokary ýagtylygy 3000 nit bolan 6,5 dýuýmlyk Super Retina XDR OLED displeýi bilen üpjün edildi. Ýylpyldylary azaltmak üçin ekran ýedi gatly ýylpylda garşy örtüge eýe boldy.
Smartfonyň esasy kamerasy – iki esse teleobýektiw bilen 48 Mp. Frontal kamera 18 Mp bolup, kadry awtomatik sazlaýan Center Stage funksiýasyny aldy.
Smartfon goşmaça N1 çibi bilen täze Apple A19 Pro prosessorynda işleýär. Wi-Fi 7, Bluetooth 7 we “akylly öý” enjamlar üçin Thread goldawy bar.
Model diňe eSIM bilen işleýär, bu hem korpusyň içinde ýer tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Apple smartfonyň goşmaça zarýad bermezden tutuş gün işläp biljekdigini aýdýar.
iPhone Air hatarda Plus modeliniň ornuny çalyşdy we iPhone 17-den ýokary, ýöne Pro wersiýadan pes hökmünde häsiýetlendirilýär.
Täze smartfon dört reňkde (ak, gök, gara we altyn) we üç ýat wersiýasynda (256/512 GB we 1 TB) elýeterli.

  • ·iPhone Air (256 GB) – 999 dollar;
  • ·iPhone Air (512 GB) – 1199 dollar;
  • ·iPhone Air (1 TB) – 1399 dollar.

Deslapky sargytlar 12-nji sentýabrda açylar, satuw 19-njy sentýabrda başlar.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...