Apple täzelenen dizaýn we kämilleşdirilen kameralar bilen iPhone 17 smartfonyny hödürledi

  • 10.09.2025 16:01
  • 8.7k+

Apple uly tanyşdyrylyş dabarasynda täze iPhone 17 smartfonyny hödürledi. Model täzelenen dizaýna, 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen 6,3 dýuýmlyk LTPO OLED displeýine we bäş reňke eýe boldy.

6,3 dýuýmlyk Super Retina XDR displeýi has netijeli animasiýa we energiýa sarp edilişi üçin ProMotion tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Always-on display funksiýasy täzelenme ýygylygyny 1 Gs çenli peseldip, wakalary we wijetleri gulplanan ekranda şöhlelendirmäge mümkinçilik berýär. Gorag üçin Ceramic Shield 2 örtügi ulanyldy, kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ol sypjyryklara üç esse durnukly. Displeý ýedi gatly ýylpylda garşy örtüge-de eýe boldy.
Çarçuwa öňki nesil bilen deňeşdirilende inçeldi.
Frontal kamera täzelendi: ol 18 Mp we ulaldylan dörtburç şekilli sensora eýe boldy. Bu smartfony öwürmezden kese selfi etmäge mümkinçilik berýär we wideoaragatnaşygyň hilini gowulandyrýar. Şol bir wagtyň özünde, Center Stage funksiýasy kadry adamlaryň sanyna görä sazlaýar.
Esasy kamera 48 Mp moduldan we goşmaça 12 Mp kameradan ybarat. iPhone 17-de bir wagtyň özünde hem frontal, hem esasy kamera düşürmek mümkinçiligi peýda boldy.
Enjam alty ýadroly prosessor we bäş ýadroly grafiki modul bilen A19 çipsetinde işleýär.
Hemişelik ýat – 256 GB ýa-da 512 GB.
Apple ýokary awtonomlygy wada berýär: smartfon zarýad bermezden tutuş gün işläp, iPhone 16-dan 8 sagat uzak wideo görkezip bilýär. Çalt zarýad alyş bary-ýogy 10 minutda 8 sagat wideo görmek üçin gerek zarýady üpjün edýär.
Smartfon gök, gara, pisse, gülgüne we ak reňklerde çykar.
Satuw 19-njy sentýabrda başlar, başlangyç baha 800 dollara barabar.


şu gün 16:33
1.7k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...