Samsung eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdeligini Huawei bilen Motorola berdi

  • 09.09.2025 12:22
  • 5.7k+

Huawei 2025-nji ýylyň II çärýeginde eplenýän smartfonlaryň dünýä bazarynyň 45%-ini eýeledi, bu hem öndürijileriň arasynda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Geçen ýyl hytaý kompaniýasynyň paýy 32% boldy.

Hasabatyň maglumatlaryna görä, eplenýän smartfonlaryň umumy üpjünçiligi ýyllyk hasabynda 45% ýokarlandy. Ikinji orunda bir ýyl ozalky 14%-e derek 28% paý bilen Motorola ýerleşdi. Beýleki öndürijileriň umumy paýy 18% boldy. Geçen ýyl 21% bilen ikinji orny eýelän Samsung 2025-nji ýylyň II çärýeginde 9% bilen dördünji orna düşdi.
Gözlegde Motorola-nyň ösüşini amerikan bazarynyň üpjün edendigi bellenilýär.

“Motorola II çärýekde üpjünçiligi rekord derejä çykaryp, ABŞ-da eplenýän smartfonlaryň bazarynyň ösüşine ýardam etdi. Saýlanan baha syýasaty ösüşiň möhüm şerti boldy: Motorola Razr-yň esasy modeli 699 dollar bolup, bu ony ABŞ-da iň elýeterli eplenýän telefon etdi – häzire çenli hiç kim oňa golaýlaşyp bilmedi” – diýlip, Counterpoint Research hasabatynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, III çärýekde hödürlenen Samsung Galaxy Z7 modelleri hasaba alynmady. Android Authority-nyň maglumatlaryna görä, Samsung awgustda meýilleşdirilen 320 müňe derek 430 müň Galaxy Fold7 çykardy, sentýabrda bolsa ilkibaşda meýilleşdirilen 200 müňüň deregine 260 müň smartfon çykarmak isleýär. Şol bir wagtyň özünde, Z Flip7 modelleriniň önümçiligi azaldyldy: awgustda kompaniýa meýilnama boýunça 340 müň däl-de, 270 müň smartfon çykardy, sentýabrda bolsa bary-ýogy 10 müň Z Flip7 FE smartfonyny çykarmagy göz öňünde tutýar.


09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....