Londonyň hökümeti jemgyýetçilik ulaglarynda nauşniksiz aýdym diňleýänler bilen göreşýär

  • 09.09.2025 17:25
  • 9.6k+

Londonyň hökümeti ýolagçylary jemgyýetçilik ulaglarynda aýdym diňlemek we wideo görmek üçin nauşnik ulanmaga çagyrýan kampaniýa başlady. Bu çäre galmagalyň derejesini peseltmäge we ähli ýolagçylar üçin has rahat şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, kampaniýanyň başyny başlan Londonyň häkimi Sadyk Han habar berdi.

Demir ýoluň Elizabet şahasynda adamlara özüňi alyp barmagyň täze düzgünlerini ýatladýan afişalar peýda boldy. Kampaniýa ýakyn wagtda paýtagtdaky awtobuslara, metro we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryna hem ýaýradylar.
Bu başlangyç Transport for London kompaniýasy tarapyndan döredilen “Travel Kind” maksatnamasynyň bir bölegidir. The Independent-iň belleýşi ýaly, gaty gürlemekden ýa-da nauşniksiz aýdym-saz diňlemek Beýik Britaniýada çynlakaý meselä öwrüldi. Konserwatiw we liberal demokratlaryň wekilleri täze çäräni goldadylar, şol bir wagtyň özünde milli derejede has berk çäre görmäge çagyrmak bilen, şol sanda düzgün bozmalar üçin jerime salmagyň mümkinçiligini hem goldadylar.
Travel Kind kampaniýasy ozal ýerliksiz azar bermelere garşy başlangyçlary we beýleki ýolagçylara ýer bermek baradaky çagyryşlary öz içine alýardy. Ýewropa ýurtlary hem jemgyýetçilik ulaglarynda rahatlygy ýokarlandyrmak üçin şuňa meňzeş çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarlar.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......