Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowa garşy 11 gol geçirdi: Holand rekord goýdy

  • 11.09.2025 00:04
  • 11k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Ýewropada saýlama ýaryşynyň 6-njy tapgyr oýunlarynyň birinde Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowadan uly hasap bilen üstün çykdy. Oslodaky oýun 11:1 hasabynda tamamlandy.

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand bäş gol geçirip, iki assist etdi. “Reýnjersiň” ýarymgoragçysy Telo Osgor dört gol girizdi. “Arsenalyň” kapitany Martin Edegor bir gol geçirdi we iki assist etdi. Ýene bir goly öz hasabyna Horn Maýer ýazdy.
Şeýle-de bolsa, bu hasap Norwegiýa üçin rekord bolmady: 1946-njy ýylda topar Finlýandiýany 12:0 hasabynda utdy. Ýöne Moldowanyň milli ýygyndysy üçin bu taryhda iň uly ýeňliş boldy.
Holand aýratyn üstünlik gazandy. Onuň bäş goly soňky 48 ýylda dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda ilkinji penta-trik boldy. Soňky gezek şeýle waka 1977-nji ýylda, awstriýaly Hans Krankl Awstriýa – Malta oýnunda bäş gol geçirende bolupdy. FIFA-nyň maglumatlaryna görä, Holand XXI asyrda dünýä birinjiligi üçin saýlama ýaryşynda şeýle netijä ýeten ilkinji futbolçy boldy.
Bu ýeňişden soň Norwegiýa 15 utuk ýygnap, I toparçada birinji orna çykdy. Indiki oýny topar 11-nji oktýabrda öýünde Ysraýyla garşy geçirer.


düýn 23:43
5.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......