iPhone 17 Pro we Pro Max hödürlendi: 2 TB çenli ýat, täze korpus we rekord awtonomlyk

  • 10.09.2025 15:58
  • 14k+

Apple resmi taýdan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max flagman smartfonlaryny hödürledi. Deslapky sargytlar ABŞ-da 12-nji sentýabrda, satuw 19-njy sentýabrda başlar.

256 GB ýatly esasy iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1099 dollar, iPhone 17 Pro Max – 1199 dollar. Ilkinji gezek 2 TB ýatly wersiýa (diňe Pro Max-da) peýda boldy, onuň bahasy 2000 dollara barabar.  
Modelleriň ikisi-de aerokosmiki alýumin ergininiň bitewi böleginden unibody metal korpusyna eýe boldy. Şeýle konstruksiýa smartfony has berk edip, ýylylygy has gowy ýaýradýar. Sowadyş üçin bug kamerasy ulanylýar. Goragy yzdan Ceramic Shield aýnasy we öňden Ceramic Shield 2 aýnasy üpjün edýär.
Enjamlar 2 öndürijilikli we 4 energiýa taýdan netijeli ýadro, 6 GPU ýadrosy we täzelenen NPU bilen täze bir kristally Apple A19 Pro ulgamynyň esasynda işleýär.
Adatça bolşy ýaly, Apple akkumulýator sygymyny açyp görkezmeýär, ýöne kompaniýa täze smartfonlaryň iPhone taryhynda iň uly akkumulýatorlara eýe bolandygyny aýtdy. Awtonom iş wagty iPhone 17 Pro-da 33 sagat we iPhone 17 Pro Max-da 39 sagat wideo görmäge ýetýär.
Smartfonlar üç sany 48 Mp kameradan ybarat ulgam bilen üpjün edildi. Teleobýektiw 4 esse optiki zumy we 8 esse sanly zumy goldaýar. Frontal kamera 18 Mp bolup, Center Stage funksiýasy smartfony öwürmezden kadry adamlaryň sanyna görä dik ýa-da kese görnüşde sazlaýar. Şeýle-de, Dual Capture funksiýasynyň netijesinde bir wagtda esasy we frontal kamera düşürmek mümkinçiligi peýda boldy.
Super Retina XDR ekranlarynyň diagonaly 6,3 we 6,9 dýuým bolup, 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen ProMotion we wakalary hem wijetleri gulplanan ekranda şöhlelendirmäge mümkinçilik berýän Always-On Display funksiýasy bar. Iň ýokary ýagtylyk 3000 nite ýetýär.
Smartfonlar üç reňkde – goýy gök, mämişi we kümüşsöw reňklerde hödürlenýär. 


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...