Hytaý asteroidi urup, planetany goramak tehnologiýasyny iş ýüzünde barlamak isleýär

  • 09.09.2025 13:07
  • 6.5k+

Hytaý Ýeri kosmos howplaryndan goramak tehnologiýasynyň netijeliligini barlamak üçin, asteroidi urmak boýunça görkezme missiýasyny taýýarlaýar. Bu barada Hytaýyň Aý maksatnamasynyň baş inženeri Wu Weýžen çuň kosmos boýunça maslahatda aýtdy.

Missiýa iki sany kosmos enjamyny – synçy we zarba urujy enjamy uçurmagy göz öňünde tutýar. Birinjisi asteroidiň ýanynda bolup, onuň parametrlerini bellik etmeli we maglumatlary Ýere ibermeli. Ikinji enjam zarba urar, şondan soň alymlar asman jisiminiň hereket ediş ýolunyň üýtgemelerini yzarlar. Netijeler howply bolup biljek jisimleri saklamak we bitaraplaşdyrmak usullaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Asteroidleriň köpüsi atmosferada ýanýandygy üçin Ýere howp salmaýar. Muňa garamazdan, alymlar uly asman jisimi bilen çaknyşmagyň nazary ähtimallygynyň bardygyny we onuň betbagtçylykly netijelere getirip biljekdigini belleýär. Takmynan, 66 mln ýyl mundan ozal Çiksulub meteoritiniň gaçmagy hut şeýle boldy, ol dinozawrlaryň ölmegine getirdi.
Ozal şuňa meňzeş tejribeler beýleki ýurtlar tarapyndan hem geçirildi. 2022-nji ýylyň sentýabrynda NASA Dimorfos asteroidine DART zonduny iberdi. Zarba onuň ýoluny üýtgetdi we asman jisimini onlarça bölege böldi. Şeýle tejribe planetanyň amaly goragynyň mümkindigini tassyklaýar. 


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....