9-njy sentýabrda Apple-iň güýzki tanyşdyrylyşy geçiriler: nirede we haçan tomaşa etmeli?

  • 08.09.2025 22:36
  • 9.4k+

9-njy sentýabrda Apple kompaniýasy uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, onda özüniň täze önümlerini, şol sanda iPhone 17 smartfon hataryny hödürlär.

Tanyşdyrylyş Apple-iň resmi saýtynda we onuň YouTube kanalynda ýaýlyma berler. Başlanýan wagty – Aşgabat wagty bilen 22:00.
Kompaniýanyň dört iPhone 17 modelini görkezmegine garaşylýar: 6,3 dýuým ekranly we iki kameraly esasy wersiýa, 6,6 dýuým displeýli we bir kameraly iň inçe smartfon Apple iPhone 17 Air, şeýle-de 6,3 we 6,9 dýuým ekranly we üç kameraly iPhone 17 Pro we Pro Max modelleri.
Tanyşdyrylyşda Apple Watch 11, Apple Watch Ultra 3 sagatlary we AirPods Pro 3 nauşnikleri hem görkezilip bilner. Kompaniýanyň Apple Watch SE 3, AirTag 2 ýaly beýleki gurluşlary hem görkezip biljekdigi barada gürrüňler bar.
Tanyşdyryşyň öňüsyrasynda täze iPhone smartfonlarynyň akkumulýator sygymy barada maglumatlar Internete syzdy. Olardan ugur alsaň, käbir modeller iki wersiýada – SIM karty üçin fiziki slotly we onsuz çykarylar. Wersiýa baglylykda, akkumulýatorlar dürli sygyma eýe bolar:

  • iPhone 17 – 3693 mA/sag;
  • iPhone 17 Air – 3149 (SIM karty üçin slotsuz) ýa-da 3036 mA/sag;
  • iPhone 17 Pro – 4252 ýa-da 3988 mA/sag;
  • iPhone 17 Pro Max – 5088 ýa-da 4823 mA/sag.

Şeýle-de, Pro modellerde kameranyň 8 esse optiki ýakynlaşdyrma eýe boljakdygy habar berilýär. Mundan başga-da, iPhone 17 Pro-da we Pro Max-da bug kamerasy (vapor chamber) ulanylar, bu hem A19 Pro prosessoryndan ýylylygy netijeli aýyrmaga we has agyr işlerde öndürijiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Eger syzma maglumatlar tassyklansa, täzelenmeler soňky ýyllarda Pro hatary üçin iň ähmiýetlileriň biri bolar.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...