Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili bilen duşuşdy

  • 09.09.2025 23:48
  • 2k+

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Helsinki jemleýji namasynyň 50 ýyllygy bellenilýän ýylda ÝHHG-niň başlyklygynyň bu taryhy resminamanyň kabul edilen ýurdy bolan Finlýandiýa tarapyndan amala aşyrylmagynyň aýratyn mana eýedigi bellenildi.
Şu nukdaýnazardan, söhbetdeşler Finlýandiýa ÝHHG-niň başlyklygynyň şu ýyl dialogy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen ileri tutulýan ugurlarynyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruna we halkara başlangyçlaryna, şol sanda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine laýyk gelýändigi barada ylalaşdylar.
Taraplar howpsuzlygy, energetikanyň ösdürilmegini, şeýle-de ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin umumy tagallalary utgaşdyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, adam hukuklaryny goramak ugrunda tejribe alyşmak, demokratik institutlaryny pugtalandyrmak we kanunyň hökmürowanlygy babatynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......