Ahal welaýatynda açylan çüýşe önümleri önümhanasynda önümçilik nähili alnyp barylýar?

  • 09.09.2025 11:02
  • 13k+

8-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow täze önümhananyň binalary bilen tanyşdy.
Önümhananyň barlaghana otagynda kärhanada öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we himiki barlaglary geçirilýär. Hususan-da, “BTLT-2” enjamynda çüýşe gaplaryň wertikal basyş çydamlylygy barlanylýar. “Vici vishion” enjamynda awtomatlaşdyrylan geometrik ölçegi, “Labniks” enjamynda çüýşe gaplaryň gidrostatik basyş barlagy, “AGR” enjamynda bolsa olaryň sürtülme we çyzylma barlagy geçirilýär.
Kärhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar. Ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra aýna ergini paýlaýjy fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän “IS” enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. “IS” enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Eger-de önüm dogry we dürs sowadylmasa, aýnanyň içerki dartgynlylygy zerarly jaýrylmagy mümkin. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär. Ähli tapgyrlaryň doly awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentine senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra döwlet Baştutany “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......