Täze Apple Watch gipertoniýany gözegçilikde saklaýar, 5G-ni goldaýar we has uzak işleýär

  • 10.09.2025 15:49
  • 3k+

9-njy sentýabrda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Apple öz akylly sagatlarynyň täzelenen hataryny hödürledi – Watch Series 11, Watch SE 3 we Watch Ultra 3.

Sagatlaryň dizaýny öňküligine galdy, ýöne funksional taýdan üýtgeşmeler peýda boldy. Hataryň ähli sagatlary 5G modem, şeýle-de uka gözegçilik etmek we gan basyşynyň (gipertoniýa) ýokarlanandygy barada duýdurmak funksiýasy bilen üpjün edildi. Sagatlar seljeriş üçin täzelenen algoritmleri ulanýar. Tanyşdyryşda kompaniýa smart sagatlaryň saglyga gözegçilik funksiýalarynyň kömegi bilen adam ömürlerini halas etmäge kömek edýändigine aýratyn ünsi çekdi.

Apple Watch Series 11
Kompaniýa bu modeli häzire çenli “iň inçe we rahat” sagat diýip atlandyrýar. Ol özünden öňküden sypjyryklara iki esse durnukly bolan täze aýna eýe boldy. Akkumulýator 24 sagada çenli işleýär. Baha 400 dollardan başlaýar.

Apple Watch SE 3
Model täze S10 prosessoryna we Always-On Display funksiýaly ekrana eýe boldy. Hereket arkaly dolandyryş mümkinçiligi goşuldy. Iş wagty – 18 sagada çenli, ýöne zarýad alyş iki esse çaltdyr. Baha 250 dollardan başlaýar.

Apple Watch Ultra 3
Bu wersiýa täze LTPO3 displeýi bilen üpjün edildi. Ol has ýagty, has inçe çarçuwaly boldy. Displeý Apple Watch-yň taryhynda iň ulusydyr. ABŞ-da ulanyjylar iPhone-syz jaň edip we SMS iberip bilýär. Awtonom iş wagty 42 sagada çenli artdyryldy. Baha 700 dollardan başlaýar.
Üç modeliň ählisiniň satuwy 19-njy sentýabrda başlar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...