Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy

  • 09.09.2025 23:42
  • 14k+

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.

Eýranly futbolçylar duşuşygyň ilkinji minutlarynda azlykda galdy – 5-nji minutda goragçy Ariýa Ýusefi Abbosbek Faýzullaýewiň aýagyna basdy we VAR arkaly seredilenden soň göni gyzyl kartoçka aldy. Şeýle-de bolsa, özbek futbolçylary esasy wagtda san taýdan artykmaçlygyny peýdalanyp bilmediler. 90 minutdan soň hasap 0:0 boldy.
108-nji minutda Özbegistanyň topary 11 metrlik jerime urgusyny gazandy, emma milli ýygyndynyň kapitany Eldor Şomuradow topy derwezä girizip bilmedi.
Netije diňe 120-nji minutda çözüldi – Özbegistanyň goragçysy Hojaakbar Aližonow kelle urgusy bilen öz toparyna ýeňiş gazandyrdy.
2023-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen CAFA Nations Cup ýaryşynyň finalynda Özbegistan Eýrandan 0:1 hasabynda ýeňlipdi. Bu gezek özbek futbolçylary rewanş almagy başardylar.
Altyn medallary we kubogy ýeňijilere FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gowşurdy.


düýn 15:42
5.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......