6.4k+

Serdar Berdimuhamedow Karol Nawroskini Polşanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Polşanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...

1.8k+

OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň täze wersiýasyny – GPT-5-i hödürledi. “Biz häzirki günde iň gowy emeli aň ulgamymyz bolan GPT-5-i hödürleýäris. Bu haçan çalt jogap bermelidigini we hünärmen derejesinde jogaplar bilen üpjün etmek üçin haçan köpräk pikirlenmelidigini bilýän ýeke-täk ulgamdyr” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär...

13k+

France Football 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleri yglan etdi

France Football fransuz žurnaly 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär. 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga 30 futbolçy dalaş edýär, olaryň arasynda dokuz oýunçy Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan...

3.8k+

“Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi çykdy

Netflix “Uensdeý” serialynyň dowamyny hödürledi. Serialyň premýerasy iki bölege bölündi. Birinjisi, ýagny dört bölüm eýýäm elýeterli boldy, ikinjisi bolsa 3-nji sentýabrda çykar. Ikinji möwsümiň sýužeti “Newermor” akademiýasynyň garaňky syrlaryny öwrenmäge bagyşlanýar...

6k+

Nissan ýedi zawodyny ýapýar, 20 müňden gowrak işgär işden çykarylyp bilner

Nissan Motor kompaniýasy Montini-Le-Bretonnýodaky (Fransiýa) sebit ofisiniň kärdeşler arkalaşygy bilen ştaty azaltmak barada gepleşiklere başlady. 560 töweregi adam zähmet çekýän bu ofisde kompaniýanyň Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky, Hindistandaky we Okeaniýadaky işleri hem dolandyrylýar...

2.2k+

ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sanynyň tiz wagtdan 700 milliona ýetjekdigini habar berdi. 2025-nji ýylyň martynda bu görkeziji 500 milliona deňdi diýip, TechCrunch ýazýar. OpenAI-iň wise-prezidenti Nik Terliniň aýtmagyna görä, hyzmatyň auditoriýasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse ulaldy...

2k+

Ledi Gaga MTV VMA – 2025-de 12 baýraga dalaş edýär

Amerikaly aýdymçy Ledi Gaga MTV Video Music Awards 2025 baýragy üçin nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy boldy. Onuň täze MAYHEM albomy “Iň gowy albom” kategoriýasynda baýrak üçin dalaş edýär diýip, Hypebae neşiri habar berýär...

4.7k+

FT: Bütin dünýäde kenarýakalar çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitýär

ABŞ-dan başlap, Awstraliýa çenli dürli ýurtlarda kenarýakalara eroziýanyň çaltlaşmagy we çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitmek howpy abanýar. Bu barada Financial Times habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, klimat üýtgemeleri kenarýakalaryň tebigy tozmak prosesini güýçlendirýär...

4.2k+

Britaniýada köne-sana kitaplaryň arasyndan “Hobbitiň” ilkinji nusgasy tapyldy. Ol 43 müň funt sterlinge satyldy

Beýik Britaniýada Jon R.R.Tolkiniň “Hobbit” kitabynyň ilkinji neşiriniň seýrek nusgasy tapyldy. Ol auksionda 43 müň funt sterlinge satyldy. The New York Times-yň habar bermegine görä, tapyndy Bristolyň ýaňy-ýakynda aradan çykan ýaşaýjysynyň emlägine baha berlen wagty seýrek kitaplar boýunça hünärmen Keýtlin Raýli tarapyndan ýüze çykaryldy...

7k+

Galaxy Z Fold 7-ni myžžygy çykýança açyp-ýapdylar

Galaxy Z Fold 7-ni mahabatlandyrmak bilen, Samsung bu eplenýän smartfonyň adaty şertlerde 500 000 gezege çenli açyp-ýapmaga çydamlydygyny aýtdy. Tech IT kanalyndan YouTube blogeri muňa göz ýetirmek kararyna gelip, smartfony 200 müň gezek açyp-ýapmak synagyndan geçirdi...

9k+

Estoniýada artistlere derek ýük ulaglarynyň ýerine ýetirmeginde “Romeo we Julýetta” pýesasy görkezildi

Iýul aýynyň ahyrynda Estoniýadaky taşlanan Rummu hek daşy käninde “Romula ja Julia” pýesasynyň - Uilýam Şekspiriň “Romeo we Julýetta” spektaklynyň özboluşly görnüşiniň ilkinji görkezilişi boldy. Onda ähli keşpleri ulaglar - ýük awtoulaglary, awtobuslar, beton garyjylar, ýangyn söndüriji ulaglar we ekskawatorlar ýerine ýetirdi...

6.5k+

Aý 7-nji sentýabrdaky tutulma wagtynda gyzyl reňke eýe bolar

7-nji sentýabrda doly Aý tutulmasy bolup geçer we onuň dowamynda Aý bir ýarym sagat töweregi Ýeriň kölegesinde bolar. Bu döwürde tebigy hemra gyzylymtyl reňke eýe bolar diýip, Moskwa planetariýasynyň usuly goldaw bölüminiň başlygy, astronom Lýudmila Koşmana salgylanyp, TASS habar berýär...

2.8k+

OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär

OpenAI açyk parametrler bilen täze pikir ýöredýän EA modellerini – gpt-oss-120b bilen gpt-oss-20b-ni hödürledi. Ulanyjylar olary ýükläp alyp, öz enjamlarynda işledip biler. Modelleriň ikisi-de ädimleýin pikir ýöretme tehnologiýasyny (Chain of Thought) goldaýar...

3.3k+

US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln

Tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 2025-nji ýylda 90 mln dollara ýeter – bu tennis ýaryşynyň taryhynda täze rekorddyr. Bu barada US Open-iň resmi saýtynda habar berilýär. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň ýeňijileri 5 mln dollar, finalçylar 3,6 mln dollar alar...

14k+

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny lowlaýar

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny dowam edýär. Ot ýüzlerçe ýerli ýaşaýjylaryň göçürilmegine getirdi diýip, BFM TV habar berýär. Ýangyn-halas ediş gullugynyň başlygy Kristof Maniniň aýtmagyna görä, alaw 16 müň gektary gurşap aldy we 90 kilometre ýaýrady...

2.6k+

Awazada BMG-niň forumy öz işini plenar mejlislerde dowam etdi

6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi. Forumyň ikinji gününde dünýä bazarlarynyň elýetersizligi sebäpli, DÇBÖBD-niň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine päsgel berýän bökdençlikleri aradan aýyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

2.4k+

Instagram Live-göni ýaýlym üçin çäklendirmeleri girizdi

Instagram göni ýaýlymlar üçin täze çäklendirmeleri girizdi: indi açyk akkauntlary bolan ulanyjylar we azyndan 1000 abonenti bolanlar göni ýaýlymda çykyş edip biler. TechCrunch-iň habar bermegine görä, sosial ulgam üýtgeşmeleri resmi taýdan tassyklady...

7.3k+

Son Hyn Min we Tomas Mýuller MLS ligasynyň klublaryna geçdi

MLS-iň “Los-Anjeles” kluby hüjümçi Son Hyn Min bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnama 2028-nji ýylyň ahyryna ýa-da 2029-njy ýylyň ortasyna çenli uzaltmak mümkinçiligi bilen 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär...

10k+

Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi

Ýakynda bolan ýertitremesi netijesinde Kamçatka ýarym adasynyň günorta bölegi günorta-gündogara iki metre golaý süýşüpdir. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofiziki gullugynyň Kamçatka bölüminiň işgärleri habar berdi...

3.3k+

Tim Kuk Apple-iň “haýrana galdyryjy” meýilnamalarynyň bardygyny aýtdy

Apple-iň baş direktory Tim Kuk işgärler bilen geçirilen içerki ýygnakda kompaniýanyň geljekdäki ösüşlerine adaty bolmadyk umyt bildirdi. Ol ýakyn ýyllar üçin niýetlenen "ýol kartasyny" "haýrana galdyryjy" diýip atlandyrdy we Apple-iň  köp sanly bildirişleri taýýarlaýandygyny aýtdy diýip, Bloombergiň žurnalisti Mark Gurmana salgylanýan 9to5Mac habar berýär...

3k+

Koenigsegg-iň esaslandyryjysy ganatlary ýapyk gurluşly uçary patentledi

Şwesiýanyň Koenigsegg awtoulag markasyny esaslandyryjy Kristian fon Kýonigsegg ganaty ýapyk görnüşli uçar gurluşyny patentledi. Bu barada CarBuzz neşiri habar berdi. Adaty uçarlarda ganatlaryň ujunda emele gelýän towlanyp aýlanyş aerodinamiki garşylygy artdyrýar...

5k+

Tesla Mask üçin täze 29 milliard dollarlyk bonusy tassyklady

Tesla öz esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Maska 96 million paýnamanyň berilmegini tassyklady. Häzirki bazar bahalarynda olaryň bahasy 29 milliard dollardan geçýär. Bu barada kompaniýanyň paýdarlara ýazan hatynda aýdylýar...