Alymlar iň gorkunç 10 filmi aýtdylar

  • 28.10.2025 00:28
  • 6.1k+

“Science of Scare” britan taslamasy iň gorkunç filmleriň täzelenen reýtingini hödürledi. Hünärmenler tomaşa wagty adamlaryň pulsuny ölçäp, haýsy horror filmleriň olarda uly gorky döredýändigini kesgitledi diýip, Forbes ýazýar.

Gözlegiň netijesinde iň gorkunç horror ýene-de “Sinister” boldy. Alymlar bu filmiň eýýäm birnäçe ýyl bäri reýtingde öňdebaryjylygy saklaýandygyny belleýär.
Ilkinji bäş orun 2023-nji ýyldan bäri üýtgemedi. Ýöne “Ýylgyryş” filminiň dowamy birinji bölümden öňe geçip, ýedinji orny eýelemegi başardy.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, täze elhençlik filmleri XXI asyryň başyndaky filmler ýaly tomaşaçylarda o diýen güýçli reaksiýa döretmedi.
Iň gorkunç filmleriň ilkinji onlugy:

  1. “Sinister” (Синистер)
  2. “Astral: Onlaýn” (Астрал: Онлайн)
  3. “Paranormal hadysalar. Skinamarink” (Паранормальные явления. Скинамаринк)
  4. “Astral” (Астрал)
  5. “Doga” (Заклятие)
  6. “Reinkarnasiýa” (Реинкарнация)
  7. “Ýylgyryş 2” (Улыбка 2)
  8. “Ýylgyryş” (Улыбка)
  9. “Emili Rouzyň alty jyny” (Шесть демонов Эмили Роуз)
  10. “Iki, üç, melgun, gel!” (Два, три, демон, приди!)

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....