Calvin Klein egin-eşikleri we aksessuarlary gaýtadan işlemek maksatnamasyny işe girizýär

  • 28.10.2025 00:29
  • 1.2k+

Calvin Klein brendi Re-Calvin ady bilen geýim-gejimleri gaýtadan işlemek boýunça täze maksatnamasyny hödürledi diýip, WWD habar berýär.

Taslama alyjylara islendik brendleriň egin-eşiklerini we aksessuarlaryny gaýtadan ulanmak, gaýtadan işlemek ýa-da howpsuz ýok etmek üçin mugt tabşyrmaga mümkinçilik berýär. Maksatnamany döretmäge toplumlaýyn sortlama we aýlawly logistika bilen meşgullanýan Debrand kompaniýasy gatnaşdy. Geýim-gejimleri gaýtadan ulanmak ýa-da gaýtadan işlemek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, galyndylar bio-ýangyja öwrüler.
Re-Calvin-iň aýratynlygy taslamanyň, adatça, şeýle maksatnamalara goşulmaýan kategoriýalary – içki geýimleri we suwa düşülýän geýimleri hem kabul edýänligidir.
Şeýle başlangyçlar meşhur brendleriň arasynda barha giňden ýaýraýar. Mysal üçin, Chanel Monakonyň Ylmy merkezi bilen hyzmatdaşlygyny alty ýyl uzaldýar. Hyzmatdaşlyk Ortaýer deňziniň gyzyl merjenlerini gorap saklamaga gönükdirilendir.

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......