Türkmen alabaýynyň keşbini şekillendirmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 27.10.2025 12:29
  • 7.9k+

26-njy oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň barşynda alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Dabaranyň barşynda türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige ussat halypalar bilen birlikde, döredijilik ýoluna täze gadam basan ýaşlar hem gatnaşdylar. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň nepis haly, iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy heýkeli, iň gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizion sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.
Şunlukda, ýeňijilere:

  • türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen «Watana gorag, ynsana dost sen, edermen türkmen alabaýy!» atly haly eseri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa;
  • «Wepaly dost» atly nakgaş eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Y.Allanazarowa; «Türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby E.Gullyýewe;
  • «Senenama — 2025» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Ç.Kemenowa;
  • «Alabaýyň gaýduwsyzlygy» atly wideoşekil üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri M.Çaryýewe Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.

03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......