Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar

  • 28.10.2025 06:57
  • 3.5k+

Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär.

Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir. Ol meduzanyň şekilinden ylham alan uly, heýkel görnüşli dabany bilen tapawutlanýar. Täze aýakgap gök reňkde hödürlenýär, ozal bolsa şol görnüşdäki aýakgaplar mämişi, ýaşyl we çal reňklerde çykarylypdy.
Virginia Adistar Jellyfish sport aýakgaplarynyň satuwy 26-njy oktýabrda başlandy. Bahasy — 300 amerikan dollary. Olar diňe Las-Wegasdaky adidas Brand Center dükanynda satylýar.


19.06.2026 17:01
8.6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

27.05.2026 10:11
8k+

Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň......

10.01.2026 18:02
2.6k+

Adidas Çempionlar ligasynyň geljekki pleý-off oýunlarynyň resmi topuny görkezdi

Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi. Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi...

21.12.2025 14:19
8.5k+

Adidas Mohamed Salah üçin Müsüriň taryhyndan ylham alan aýratyn butsyny döretdi

Adidas kompaniýasy öz resmi saýtynda «Liwerpulyň» we Müsüriň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mohamed Salah üçin ýörite döredilen täze F50 butsy modelini görkezdi. Sport aýakgabynyň daşky görnüşi Gadymy Müsüriň taryhyna we futbolçynyň mirasyna salgylanýar...