Adidas Çempionlar ligasynyň geljekki pleý-off oýunlarynyň resmi topuny görkezdi

  • 10.01.2026 18:02
  • 2.6k+

Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi.

Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi. Bu gezek ýyldyzlar kümüşsöw reňke eýe boldy we bu çözgüt Çempionlar ligasy üçin resmi topy üpjün ediji hökmünde Adidas bilen UEFA-nyň hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
Täze topuň dizaýny 2000/2001-möwsüminde ulanylan modelden ylham aldy. Topuň ýüzi kiçiräk ýyldyzlardan relýef bilen örtüldi, onuň özünde bolsa hyzmatdaşlygyň ýubileýini görkezýän ýazgy ýerleşdirildi. Ýyldyzlaryň gyrasy melewşe reňkde ýerine ýetirildi, bu bolsa Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň derejesini we abraýyny görkezýär. 


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....