Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

  • 27.05.2026 10:11
  • 8k+

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň öňüsyrasynda zarýad berilmegini talap edýär. Topuň bir gezekki zarýady, takmynan, alty sagada ýetýär.

Topuň içine ýerleşdirilen 500 Gs ýygylykly 14 gram agramly çip sekuntda 500 gezek maglumat ýygnap, hakyky wagtda topa bolan galtaşmalary, onuň tizlik derejesini, aýlanyşyny we meýdançadaky ýerini yzygiderli yzarlaýar. Bu tehnologiýa VAR ulgamy we stadiondaky kameralar bilen doly utgaşykly işleýär. Bu bolsa ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek çempionatda eminlere ofsaýdlar hem-de jedelli pursatlar boýunça çalt çözgüt kabul etmäge kömek eder.

1970-nji ýyldan bäri dünýä çempionatlarynyň resmi toplaryny öndürip gelýän Adidas bu sensory topuň termiki usulda birleşdirilen jemi dört paneliniň biriniň içine gurnady. Bu görkeziji dünýä birinjilikleriniň taryhynda iň az panel sanydyr. Topa zarýad bermek işi her oýnuň öňünden induksion (simsiz) usulda amala aşyrylýar, onuň içindäki inersial ölçeg moduly bolsa eminlere we wideo kömekçi ulgamyna yzygiderli maglumat iberip durýar.

Kompaniýanyň mälim etmegine görä, bu tehnologiýa üç ýyllap dowam eden gözlegleriň we synaglaryň netijesidir. 500 Gs ýygylyk topa urgy pursatyny we jedelli ýagdaýlarda oýunçylaryň meýdançadaky ornuny awtomatik usulda hasaba almaga mümkinçilik berýär.

Dünýä çempionatynyň mundan öňki resmi topy bolan we 2012-nji ýylda Katarda ulanylan Al Rihla hem connected ball tehnologiýasyna eýedi. Ýöne ol wagt sensor Adidas Suspension System asgy ulgamynyň kömegi bilen topuň edil merkezinde ýerleşdirilipdi. Ol top 20 sany sepsiz panelden ybarat bolup, 165 dollar bahadan satyldy.

Täze TRIONDA topy üçin bolsa KINEXON kompaniýasy çibi topuň gapdal paneline geçirdi we panelleriň sanyny dörde çenli azaltdy. Sensoryň iş ýygylygy öňki durşuna galdy, ýöne topuň bölek satuwdaky bahasy 170 dollara çenli ýokarlandy. Bu modeliň resmi tanyşdyrylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda geçirilipdi.

FIFA bu täze tehnologiýa dünýä çempionatynda eminleriň goýberýän ýalňyşlyklarynyň sanyny azaltmak üçin gural hökmünde garaýar. Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda başlar.


şu gün 09:54
756

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
13k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......