Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

  • 28.10.2025 10:18
  • 3.4k+

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi.

Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär.
Audi Concept C resmi taýdan markanyň Auto Union Type C-den başlap, TT we R8 ýaly esasy sport modelleriniň ruhy mirasdüşeri hökmünde görkezilýär. Mälim bolşuna görä, konsept esasynda dörediljek önümçilik sport awtoulagy doly elektrikli güýç gurluşyna eýe bolar, emma onuň soňky ady entek mälim edilmedi.
Çaklamalara görä, Concept C elektrik Porsche Cayman we Boxster modelleri üçin işlenip düzülýän plattformada gurulýar. Şeýle-de, önümçilik görnüşiniň dizaýny konseptiň gelşikli keşbini saklar, käbir bezeg aýratynlyklary bolsa Audi-niň täze modellerine geçiriler.
Geljekki sport awtoulagy üçin wirtual geçiriş ulgamy we ýörite ses effektleri taýýarlanylýar. Bu ses ýazgysy Audi-niň meşhur bäş silindrli hereketlendirijisiniň sesine esaslanýar.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...