“Mitçeller bilen maşynlaryň gapma-garşylygy” multfilminiň dowamy çykar

  • 27.10.2025 00:17
  • 2.4k+

“Mitçeller bilen maşynlaryň gapma-garşylygy” (The Mitchells vs. the Machines) animasion filminiň dowamy çykarylar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, täze bölümiň režissýorlary hökmünde Jeý Pi Sans (“Garagol ýigitler 2”) we asyl filmiň ssenarisiniň üstünde işlän Gilýermo Martines çykyş eder.

Önümçilige 2026-njy ýylyň başynda başlamak meýilleşdirilýär.
2021-nji ýylda çykan birinji bölüm gyzyny kino-mekdebe äkitmek üçin ýol syýahatyna ugran maşgala barada gürrüň berýär. Ýöne olaryň ýoly adamzada garşy çykan emeli aň bilen howply çaknyşyga öwrülýär.
Premýeradan soň multfilm Netflix-iň iň meşhur animasion relizi boldy: ilkinji 28 günde oňa 53 mln adam tomaşa etdi. Multfilm tankytçylaryň hem ýokary bahalaryna mynasyp bolup, EsquireEmpireIGNMen’s HealthScreen RantTime OutRolling Stone we Vulture tarapyndan ýylyň iň gowy filmleriniň sanawyna girizildi.
“Mitçeller bilen maşynlaryň gapma-garşylygy” “Iň gowy animasion film” kategoriýasynda “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi, ýöne Disney studiýasynyň “Enkanto” multfilminden yza galdy. Mundan başga-da, taslama beýlekiler bilen bir hatarda ýylyň iň gowy multfilmi, režissýorlyk we ssenariý üçin 8 “Enni” baýragyny (Annie Awards) aldy. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....