“Türmeden gaçyşlyk” serialy resmi taýdan gaýtadan surata düşüriler

  • 28.10.2025 10:14
  • 6.3k+

Hulu akym hyzmaty meşhur serial bolan “Türmeden gaçyşlygyň” (Prison Break) — täze görnüşiniň üstünde işleýändigini resmi taýdan yglan etdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Täze taslama asyl serialdaky ýaly bir älemde geçer. Baş gahrymanlar hökmünde türme sakçysy, tussag we kongresmen çykyş ederler. Bu keşpleri Emili Brauning (“33 betbagtlyk”), Lukas Geýj (“Eýforiýa”) we Dreýk Rojer (“Winçesterler”) ýerine ýetirerler.
“Maýýanlylar” serialy bilen tanalýan Eljin Jeýms täze dörediljek serialyň şouranneri bolup bellenildi. Çykjak senesi entek yglan edilmedi.
Asylky "Türmeden gaçyşlyk" serialy 2005–2017-nji ýyllar aralygynda Fox teleýaýlymynda efire berlipdi. Ol öz döwründe “Altyn globus” baýragyna mynasyp bolup, “Emmi” baýragyna hem dalaşgär görkezilipdi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....