“Barselona” Uber bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy

  • 26.10.2025 18:23
  • 6.3k+

“Barselona” futbol kluby taksi gözlemek we sargyt etmek boýunça Uber hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň başlandygyny habar berdi. Şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder we Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, kluba ýylda, takmynan, 1 mln ýewro getirer.

“Barselonanyň” metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, hyzmatdaşlyk oýun günleri janköýerleriň hereketini aňsatlaşdyrmaga we “Kamp Nou” stadionynyň töwereginde ulag gatnawyny tertipleşdirmäge gönükdirilýär.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde klub we Uber katalon klubunyň reňkinde 30 sany CUPRA Tavascan elektromobilini çykarar. Bu ulaglary Uber goşundysy arkaly çagyryp bolar. Täzelenen “Kamp Nou” açylýança, kompaniýa ýolagçylary düşürmek we mündürmek üçin ýörite zolaklary taýýarlar.

“Barselona diňe bir janköýerleri däl, eýsem tutuş şäheri ruhlandyrýar. Biz janköýerlere söýgüli toparynyň reňkleri bilen bezelen elektromobilde gezelenç ýarar diýip umyt edýäris” – diýip, Ispaniýada we Portugaliýada Uber-iň baş menejeri Felipe Fernandes Aramburu belledi.

Mundan başga-da, Uber bilen Uber Eats-iň mahabaty stadionyň çäginde we onuň töwereginde – bannerlerde, elektron diwarlarda we klubuň resmi ulaglarynda peýda bolar. Hyzmatdaş oýunçylaryň suratlaryny ulanmak we “Kamp Nouda” çäre geçirmek hukugyny-da gazanar. 


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....