Garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli Irlandiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy

  • 28.10.2025 07:05
  • 3.5k+

Irlandiýa Respublikasynyň prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli ýeňiji boldy diýip, Reuters habar berýär. Ol saýlawçylaryň 63,4% sesini toplady.

Ikinji orny 29,5% ses bilen ýurduň öňki premýer-ministri, sagçy “Fine Gael” partiýasynyň wekili Heýzer Hamfris eýeledi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň takmynan 13%-i ses býulletenleri zaýaladylar. Bu ýagdaý saýlawlaryň esasy tapgyryna geçip bilmedik konserwatiw syýasatçylaryň öňünden çagyryş eden çykyşynyň netijesi boldy.
Netijeler yglan edilenden soň, Ketrin Konnolli çykyş etdi:

«Men diňlemegi, pikirlenmegi we zerur mahaly gürrüň etmegi başarýan prezident bolaryn. Men parahatçylygyň sesine öwrülerin — bu ses biziň bitaraplyk syýasatymyza daýanar» diýip, RTE onuň sözlerini getirýär.

68 ýaşly Ketrin Konnolli syýasy taýdan aşa çepçi ugruň wekili hasaplanýar. Ol 2016-njy ýylda ilkinji gezek Irlandiýanyň parlamentiniň agzasy bolup saýlanypdy.
Täze saýlanan Prezident Konnolli, 2011-nji ýyldan bäri bu wezipede işlän Maýkl D.Higginsiň ornuny tutar. Ol Irlandiýanyň 10-njy prezidenti we bu wezipäni eýeleýän üçünji zenan bolar.


08.06.2026 15:17
3.6k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.8k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...