Germaniýada 2026-njy ýylyň iň gowy awtoulaglary saýlandy. Sanawda ýekeje-de nemes markasy ýok

  • 26.10.2025 22:30
  • 11k+

“Germaniýada ýylyň awtoulagy 2026” (GCOTY) bäsleşiginiň eminleri bäş esasy nominasiýada ýeňijileri yglan etdiler. Bu sapar ýeňiji bolan modelleriň arasynda nemes markalarynyň ýoklugy aýratyn üns çekdi. Baýraklar ABŞ, Günorta Koreýa we Çehiýa awtoulaglaryna berildi.

Esasy ýeňiji 17-nji noýabrda yglan ediler, ýöne hünärmenler onuň häzir saýlanan modelleriň biri boljakdygyny belleýärler.
Bäsleşik ulaglary bahasyna görä bölýär:

  • Býujet toparda (25 müň ýewro çenli) iň gowy awtoulag Dacia Bigster boldy.
  • Uly bolmadyk (ykjam) segmentde (25–40 müň ýewro) ýeňiş Skoda Elroq-a berildi.
  • Premium klassda (40–70 müň ýewro) iň gowy diýlip Hyundai Ioniq 9 saýlandy.
  • Kaşaň kategoriýada (70 müň ýewrodan ýokary) Cadillac Vistiq birinji boldy.
  • Ýylyň sport ulagy” adyna Lucid Air Sapphire mynasyp bolupdyr.

Netijelere görä, saýlanan bäş ýeňijiniň dördüsi krossower we şonça-da elektrokar.
Geçen ýyl ýagdaý başgaça boldy: esasy baýrak BMW 5 Series-e berlipdi, Porsche 911 GTS “Ýylyň sport ulagy” diýlip yglan edildi, hem-de aýratyn elektrik kategoriýasynda Audi Q6 ýeňiji boldy.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....