Škoda 1960-njy ýyllaryň modeliniň stilinde süýşürilýän gapyly krossoweri görkezdi

  • 27.10.2025 15:24
  • 6.4k+

Škoda kompaniýasy geçmişiň meşhur modellerini döwrebap görnüşde görkezýän täze konseptini hödürledi. Bu gezek konserniň dizaýnerleri üçin ylham çeşmesi 1960-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda bary-ýogy 2,5 müň nusga bilen çykarylan 1000 MBX kupesi boldy.

Dizaýnerler Antti Sawio we Dewid Stingl bu nusgawy modeli süýşürilýän gapylary bolan sedan görnüşli krossowere öwürdi. Olaryň aýtmagyna görä, konseptiň dostlukly we asuda keşbi sport awtoulagynyň däl-de, nepis we işjeň dynç alyş üçin döredilen ulagyň häsiýetini görkezýär.
Prototipiň daşky görnüşi 1960-njy ýyllara salgylanýar: bu fara dizaýnynda, aýnalaryň aşagyndaky çyzyklaryň şekilinde görünýär. Yzky aýnanyň deregine ulanylyş üçin amatlylygy ýokarlandyrýan panel oturdyldy. Sürüji yzyna kamera arkaly seredýär.
Konseptiň interýeri minimalistik stilde ýerine ýetirildi. Süýrümtik şekilli öň panel aýnadan edildi we onda ähli möhüm maglumatlar görkezilýär. Merkezi konsol ýok, pol bolsa doly tekiz. Yzky oturgyçlaryň ýassyklaryny bagaža ýer boşatmak üçin ýygnap bolýar.
Tehniki maglumatlar entek ýok, ýöne taslamanyň elektromobil hökmünde döredilendigi belli. Konsept klirensi üýtgetmäge mümkinçilik berýän pnewmatik asgyç bilen hem üpjün edildi. 

şu gün 12:20
1.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

düýn 19:45
1.2k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.5k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......