Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

  • 27.10.2025 14:58
  • 2.5k+

Italiýada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radiotelewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama bar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Soňra işewürlik forumy öz işini “Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy”, “Söwda, dokma we hususy pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” hem-de “Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly mowzuklaýyn bölümlerde dowam etdi.
Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda

  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Pietro Fiorentini S.p.A» italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......