Sabwufer we 5 esse teleskop bilen Redmi K90 Pro Max hödürlendi

  • 26.10.2025 18:24
  • 4.5k+

Xiaomi kompaniýasy Redmi K90 Pro Max smartfonyny – seriýada iň ösen modeli hödürledi. Smartfon Snapdragon 8 Extreme Edition Gen 5 platformasynda guruldy we Redmi hatarynda 5 esse optiki zum bilen periskopik teleobýektiwe eýe bolan ilkinji smartfon boldy.

Redmi K90 Pro Max 120 Gs täzelenme ýygylygy, DC Dimming tehnologiýasy we Qingshan Eye Protection 3.0 goragy bilen 6,9 dýuýmlyk OLED displeýine eýe boldy. Yzky panelde metal çarçuwa we Sound by Bose ýazgyly dinamik bar. Öndüriji sabwufer bilen 2.1 akustik ulgamynyň bardygyny belleýär.
Esasy kamera 50 Mp Light Hunter 950 sensoryny, 50 Mp ultra giňburçly moduly hem-de 5 esse optiki we 10 esse gibrid zum bilen 50 Mp periskopik obýektiwi öz içine alýar.
Batareýanyň sygymy 7560 mA/sag bolup, 100 Wt çalt zarýad alşy, 50 Wt simsiz we 22,5 Wt çenli ters zarýady goldaýar.
Model üç reňkde – ak, gara, şeýle-de jins stilinde ýerine ýetirilen gök reňkde elýeterli bolar.
Esasy wersiýanyň (12 GB + 256 GB) bahasy 560 dollardan başlaýar, ýokary wersiýanyň (16 GB + 1 TB) bahasy 745 dollar.
Şeýle-de, kompaniýa “K seriýasynda iň kämil başlangyç smartfon” diýlip kesgitlenen Redmi K90 Standard Edition smartfonyny hödürledi. Ol Snapdragon 8 Elite platformasyna esaslanýar we 100 Wt zarýad goldawy bilen 7100 mA/sag akkumulýator hem-de 6,59 dýuýmlyk Super Pixel Full RGB displeýi bilen üpjün edildi.
Kamera üç moduldan ybarat: ikisi 50 Mp (esasy we teleobýektiw) we biri 8 Mp (ultra giňburçly). Şeýle-de, barmak yzynyň ultrases skaneri, stereodinamikler, NFC çibi we IP68 boýunça suwdan we tozandan gorag bar.
Model gara, gök, ak we ýiti benewşe reňklerde elýeterli. Bahalar 12 GB + 256 GB üçin 355 dollardan başlaýar we 16 GB + 1 TB üçin 545 dollara ýetýär.


18.01.2026 10:31
5.9k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...