Bu eýýäm täzelik däl: Harri Lawreýsen welotrekde 20-nji gezek dünýä çempiony boldy

  • düýn 07:09
  • 3k+

Niderlandly türgen Harri Lawreýsen welotrek boýunça 20-nji gezek dünýäniň çempiony boldy. Bu netijäni ol Çiliniň paýtagty Santýagoda geçirilen dünýä çempionatynda gazandy.

Lawreýsen dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir ýaryşda dört altyn medal gazanmagy başaran ilkinji welosipedçi boldy. Mundan başga-da, ol sprinte yzygiderli ýedinji gezek ýeňiji boldy.

«Bu geň galdyryjy duýgy. Bu ýere gelenimde men bu mümkin bolar diýip pikir etmändim, ýöne ýüregimiň bir ýerinde şeýle arzuw bardy. Sprinte ýeňmek meniň üçin gaty uly ähmiýete eýe, bu iň esasy ýaryş. Bu gün ähli zat üstünlikli boldy. Men diňe bu işi, taýýarlygy we bäsleşikleri halaýaryn» diýip, ol Reuters-e beren gürrüňinde aýtdy.

Şeýle hem Lawreýseniň bäş gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolandygyny belläp geçmek gerek.


01.09.2025 12:19
2.6k+

Piastri Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ikinji

“Maklaren” toparynyň sürüjisi Oskar Piastri 31-nji awgustda Zandwortda geçen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Red Bulldan” häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen geldi. Üçünji orny “Reýsing Bulls” toparynyň wekili Isak Hajar eýeledi – onuň üçin bu karýerasynda münbere ilkinji gezek çykmagy boldy...

22.02.2025 12:07
5.9k+

The Athletic: Niderlandlaryň öňki hüjümçisi Robin wan Persi "Feýenoordyň" baş tälimçisi bolar

"Arsenalyň" we Niderlandlar ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Robin wan Persi ýakynda Rotterdamyň "Feýenoord" klubunyň baş tälimçisi bolar. Bu barada The Athletic habar berýär. Häzirki wagtda ol "Herenwen" klubunyň baş...

07.12.2024 08:42
1.6k+

Niderlandlaryň Gran-prisi 2026-njy ýyldan soň “Formula-1-iň” senenamasyndan aýrylar

Zandwortda geçirilýän Niderlandlaryň Gran-prisi 2026-njy ýyl möwsüminden soň “Formula-1-iň” senenamasynyň bir bölegi bolmagyny bes eder. Niderlandlaryň Gran-prisiniň guramaçylary tapgyry aýyrmak kararyna geldiler...

11.07.2024 07:33
10k+

Angliýa soňky minutlarda Niderlandlara gol geçirip, Ýewro-2024-üň finalyna çykdy

Angliýa Niderlandlary 2:1 hasabynda utup, Ýewropa çempionatynyň ikinji finalçysy boldy. Oýun Dortmundda geçirildi. Duşuşygyň ýedinji minutynda gollandiýaly Hawi Simons hasaby açdy. 18-nji minutda Angliýa toparynyň...