Piastri Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ikinji

  • 01.09.2025 12:19
  • 2.8k+

“Maklaren” toparynyň sürüjisi Oskar Piastri 31-nji awgustda Zandwortda geçen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Ikinji bolup pellehana “Red Bulldan” häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen geldi. Üçünji orny “Reýsing Bulls” toparynyň wekili Isak Hajar eýeledi – onuň üçin bu karýerasynda münbere ilkinji gezek çykmagy boldy.
Ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton (“Ferrari”) heläkçilik sebäpli ýaryşy tamamlap bilmedi. Çempionatda ýeňijiniň topardaşy we esasy bäsdeşi Lando Norris hem ýaryş ýolundan çykdy: ol ýaryşyň gutarmagyna ýedi aýlaw galanda kokpitde tüssäniň ysynyň bardygyny aýtdy, şondan soň ulagyň hereketlendirijisi işlemegini bes etdi.
54-nji aýlawda “Mersedesiň” italiýaly ýaryşa gatnaşyjysy Andrea Kimi Antonelli üçünji öwrümde “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Leklerden ozmaga synanyşdy, ýöne onuň bilen galtaşdy. Netijede, Lekleriň bolidi diwara degip döwüldi.
Ýaryşyň jemi:

  1. Oskar Piastri (“Maklaren”) – 1:38:29.849
  2. Maks Werstappen (“Red Bull”) +1.271
  3. Isak Hajar (“Reýsing Bulls”) +3.233
  4. Jorj Rassell (“Mersedes”) +5.654
  5. Aleksander Albon (“Uilýams”) +6.327
  6. Oliwer Berman (“Haas”) +9.044
  7. Lens Stroll (“Aston Martin”) +9.497
  8. Fernando Alonso (“Aston Martin”) +11.709
  9. Ýuki Sunoda (“Red Bull”) +13.597
  10. Esteban Okon (“Haas”) +14.063

19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....