The Athletic: Niderlandlaryň öňki hüjümçisi Robin wan Persi "Feýenoordyň" baş tälimçisi bolar

  • 22.02.2025 12:07
  • 6.1k+

"Arsenalyň" we Niderlandlar ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Robin wan Persi ýakynda Rotterdamyň "Feýenoord" klubunyň baş tälimçisi bolar. Bu barada The Athletic habar berýär.

Häzirki wagtda ol "Herenwen" klubunyň baş tälimçisidir.
Çeşmäniň habaryna görä, taraplar 41 ýaşly hünärmen bilen ylalaşyga geldiler.
Wan Persiniň rotterdamly toparyň ýetişdiren oýunçysydygyny belläp geçmelidiris. Ol ilkinji gezek 1998-nji ýylda 17 ýaşyndaka "Feýenoordyň" ilkinji toparynda oýnap başlaýar we 2004-nji ýyla çenli şol klub üçin oýnaýar. Şondan soň ol öz karýerasyny Londonyň "Arsenal", "Mançester Ýunaýted" we Türkiýäniň "Fenerbahçe" ýaly klublarynda dowam etdirdi. Ol 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda "Feýenoorda" gaýdyp geldi we 2019-njy ýylyň maý aýyna çenli özüniň iň soňky möwsümini oýnady. Ol Angliýanyň premýer-ligasynda 2 gezek "Altyn butsynyň" eýesi boldy we Niderlandlar ýygyndysynyň taryhyndaky iň gowy bombardirdir.
Häzirki wagtda "Feýenoordyň" wagtlaýyn baş tälimçisi Paskal Bossartdyr. Onuň ýolbaşçylygynda klub 2 oýnuň jemi boýunça "Milany" utdy we Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy. Erediwizide (Niderlandlaryň çempionatynda) klub 22 oýunda 40 utuk toplap, dördünji orunda barýar.


şu gün 08:32
1.9k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.3k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.2k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......