Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

  • şu gün 08:32
  • 1.8k+

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir.

Mareska şu ýylyň ýanwar aýynda Londonyň «Çelsi» toparyndan gidenden soň erkin agent boldy. Ol ozal «Mançester Sitiniň» düzüminde işläpdi: 2022/23-nji ýyl möwsüminde Hosep Gwardiolanyň tälimçiler düzümine giripdi, şeýle hem klubuň ýaşlar toparlaryna tälim beripdi.

22-nji maýda «Siti» Hosep Gwardiolanyň 2027-nji ýylyň tomusyna çenli hereket edýän şertnamasyna garamazdan, 2025/26-njy ýyl möwsüminiň ahyrynda baş tälimçi wezipesini terk etjekdigini habar beripdiler.

Mareska bellenenden soň, «Çelsi» beýanat bilen çykyş edip, hünärmeniň baryp güýzde toparyň ýolbaşçylaryna möwsümiň ahyrynda Gwardiolanyň ornuny çalşyp biljekdigi barada habar berendigini we bu mümkinçilikden peýdalanmak isleýändigini mälim edendigini habar berdi. Dekabr aýynda italiýaly tälimçi işden çykmak barada arza berdi we klub oňa päsgel bermedi.

Britaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, «Çelsi» bilen «Siti» öwezini doluş tölegini bermegi göz öňünde tutýan gizlin ylalaşyk baglaşdylar (insaýder Fabrisio Romanonyň maglumatyna görä, gürrüň 17 million funt sterling barada gidýär). Mareskanyň özi bilen hem aýratyn gizlin ylalaşyk gazanyldy, ol hem uzak möhletleýin şertnamanyň ýatyrylmagy üçin öwezini doluş tölegini töleýär.

Tälimçi «Çelsini» terk etmek baradaky karary özbaşdak kabul edendigini, çünki «Sitä» dolanmak isleýändigini mälim etdi.


düýn 16:30
8.2k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.2k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

28.06.2026 23:41
6.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......