«PSW» möhletinden ir bassyr üçünji gezek Niderlandlaryň çempiony boldy

  • 06.04.2026 12:05
  • 4.2k+

Eýndhoweniň «PSW» topary bassyr üçünji gezek futbol boýunça Niderlandlaryň çempionatynyň ýeňijisi boldy. 29-njy tapgyrda «PSW» topary «Utrehti» 4:3 hasabynda utdy. Şol bir wagtyň özünde, «Feýenoord» topary «Wolendam» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, liderden öňe geçmek mümkinçiligini ýitirdi.

Netijede, «PSW» möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda çempion bolmagyny kepillendirdi. Onuň hasabynda 71 utuk bar. Ikinji orunda barýan «Feýenoord» ondan 17 utuk yza galýar (54).

«PSW» öz taryhynda 27-nji gezek Niderlandlaryň çempiony bolýar, bu bolsa liganyň taryhynda ikinji netijedir. Titullaryň sany boýunça rekord Amsterdamyň «Aýaks» toparyna (36) degişli.

Şeýle hem klubuň hasabynda 11 sany milli kubok we 15 sany superkubok bar. «PSW» halkara meýdançasynda hem kuboklary — Ýewropanyň çempionlarynyň kubogyny we UEFA-nyň kubogyny almagy başardy.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....