Serdar Berdimuhamedow Rimde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 26.10.2025 23:57
  • 4.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.

Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan  bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, dürli halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde ösdürilýär.

“Biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Türkmenistan  bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bilelikdäki taslamalarda, hususan-da, energetika, ulag, oba hojalygy, şeýle hem ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler ýaly strategik ugurlarda özüniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk  diňe bir döwlet düzümleriniň arasynda däl-de, hususy kompaniýalaryň arasynda hem okgunly ösdürilýär. Bu ugurdaky tagallalar ýakyn ýyllarda bilelikde iş alyp barmak üçin bar bolan kuwwaty has-da artdyrmaga ýardam berýär.
Işewür Türkmenistanyň Prezidentine netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip,  italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärli çemeleşjekdiklerini ynandyrdy.    
Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra Türkmenistana ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......