Türkmenistanyň we Ukrainanyň bilim edaralary ylym, bilim we atçylyk babatda hyzmatdaşlyk ederler

  • 27.10.2025 20:56
  • 5.9k+

24-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk baradaky bu ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy wideo aragatnaşyk arkaly geçirilip, oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew, Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň rektory Wadim Tkaçuk, ýokary okuw jaýlarynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ylym we bilim ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýurtlarymyzyň arasyndaky bu möhüm ylalaşyga gol çekilmezden öň birnäçe işler geçirildi. Ýagny, türkmen tarapy Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň okuw ugurlary, tehniki we maddy binýady bilen tanyşdy, onuň çäginde hereket edýän atçylyk boýunça ylmy we önümçilik laboratoriýasyna baryp gördi.
Ukrain uniwersitetiniň rektory Wadim Tkaçuk dabarada çykyş edip, uniwersitetde atçylygy ösdürmek üçin ähli zerur desgalaryň, şol sanda laboratoriýalaryň we atçylyk toplumlarynyň bardygyny belledi. Ol türkmen wekiliýetini bu desgalara görmäge çagyrdy.
Atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew öz gezeginde, atçylyk sporty ulgamynda Türkmenistanda alnyp barylýan işler we döwlet ýolbaşçylarynyň meşhur Ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge we türkmen atçylygynyň däplerine gönükdirilen tagallalary barada gürrüň berdi.
Türkmen tarapy ukrain kärdeşlerini ýurdumyzda geçirilýän dürli sergilere, ylmy-amaly maslahatlara we her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......