Lionsgate täze “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filmindäki keşp üçin muşdagy saýlady

  • 28.10.2025 00:39
  • 1.9k+

Lionsgate kinostudiýasy “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” (Голодные игры: Рассвет жатвы) filmi üçin açyk kastingiň ýeňijisini yglan etdi. Filme Floridadan aktýor we režissýor Dewon Singlteri gatnaşar.

Ol Bleriň – Heýmitç Abernatiniň we Berd Ewerdiniň ýakyn dostunyň, Kitnissiň kakasynyň keşbini ýerine ýetirer. Singlteri taslama gatnaşmagyň “uly mertebedigini” aýdyp, “Açlyk oýunlary” franşizasynyň köpden bäri muşdagydygyny belledi.
Ol filme gatnaşmak mümkinçiligini studiýanyň maýda başlan uly göwrümli onlaýn kastinginden soň gazandy. Gatnaşyjylar kinosagada gowy gören böleginden sahna, aýdym ýa-da improwizasiýa görkezmelidi.
Sýuzanna Kollinziň romanyna esaslanan täze “Orak möwsüminiň säheri” filmi asyl hekaýatdan 25 ýyl öňki wakalar barada gürrüň berer. Sýužet 50-nji “Açlyk oýunlaryna” ünsi jemlär, bu ýerde ýaş Heýmitç Abernati ilkinji gezek meýdança çykar.
Filmiň režissýory franşizanyň öňki bölümlerini düşüren Frensis Lorens bolar. Aktýorlar düzümine Glenn Klouz, Kiran Kalkin, El Fanning, Reýf Faýns, Maýýa Houk, Billi Porter, Jessi Plemons we beýlekiler girdi.
Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna meýilleşdirilýär.  


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....