Rolls-Royce altyn heýkelli eksklýuziw seriýa bilen Phantom-yň ýüzýyllygyny belledi

  • 26.10.2025 18:21
  • 5.1k+

Rolls-Royce kompaniýasy Phantom modeliniň 100 ýyllygyna bagyşlap, sedanyň ýubileý wersiýasyny hödürledi. Centenary Private Collection atly seriýa bary-ýogy 25 nusga bilen çäklener. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu markanyň taryhynda iň çylşyrymly we tehnologiýa taýdan ösen wersiýa boldy. Ony taýýarlamak işi üç ýyl wagt aldy.

Phantom Centenary sedanynyň kuzowy gara we ak reňklerde ýerine ýetirildi hem-de owradylan aýnanyň ownujak bölejiklerini goşup, lak çalyndy. Bu tehnologiýa eýýäm kompaniýa tarapyndan ulanylýar, ýöne adatça dury aýna bölejikleri ulanylýan bolsa, ýubileý seriýa üçin şampan reňkli aýna ulanyldy. Bu ýumşak sadap öwüşgini berip, “Golliwudyň altyn asyryna” yşarat edýär.
Bu wersiýada “Ekstaz ruhy” heýkeli bitin 18 karat altyndan ýörite ýasaldy we goşmaça 24 karat altyn gatlagy bilen örtüldi. Heýkel üçin nusga bolup 1925-nji ýyldaky ilkinji Spirit of Ecstasy hyzmat etdi. Her bir heýkel nusgasy Londonda Düzümi kesgitleýän palatanyň möhürini alar.
Ulagyň interýeri özboluşly çeperçilik galereýasyna öwrüldi. Yzky oturgyçlar üç gat matadan surat hökmünde taýýarlandy we onda Phantom modeliniň taryhy şekillendirildi. Elde çekilen taryhy sýužetler öň paneli, potology, gapylary we ýolagçy stollaryny bezeýär. Altyn öwüşginler başga elementlerde-de, şol sanda 6,75 litrlik V12 hereketlendirijisiniň gapagynda hem bar.  


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...