Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi

  • 27.10.2025 14:39
  • 1.9k+

Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi. Ol 4,3 kilometrlik bolan 71 aýlawy 1 sagat 37 minut 58,574 sekuntda tamamlady.

Norris 357 utuk toplap, ilkinji gezek umumy şahsy hasapda birinji orna çykdy. Ikinji orunda «Ferrari» toparynyň sürüjisi Şarl Lekler 30,3 sekunt yza galyp ýerleşdi. Üçünji orny «Red Bull» toparynyň häzirki çempiony Maks Werstappen eýeledi — ol Leklerden bary-ýogy 0,7 sekunt yza galdy.
Norrisiň çempionlyk ugrunda esasy garşydaşy bolan «McLaren» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri bolsa ýaryşy diňe bäşinji ýerde tamamlady.
Lýuis Hemilton ýoluň çäklerinden çykyp artykmaçlyk alany üçin 10 sekuntlyk jerime aldy. Netijede ol umumy hasapda sekizinji bolup galdy.
Indiki tapgyr — Braziliýa Gran-prisi — 9-njy noýabrda geçiriler.
Meksika Gran-prisinden soň şahsy hasapdaky ilkinji bäşlik:

  1. Lando Norris (Beýik Britaniýa) — 357 utuk
  2. Oskar Piastri (Awstraliýa) — 356
  3. Maks Werstappen (Niderlandlar) — 321
  4. Jorj Rassel (Beýik Britaniýa) — 258
  5. Şarl Lekler (Monako) — 210

Konstruktorlar kubogynda ýagdaý şeýle:

  • McLaren — 713 (ýeňşi möhletinden öň kepillendirdi)
  • Ferrari — 356
  • Mercedes — 355
  • Red Bull Racing — 346
  • Williams — 111

düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

23.05.2026 11:08
4.9k+

Meksikadaky stadionda Peläniň 9 metrlik heýkeli oturdyldy

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň öň ýanynda, Meksikanyň Gwadalahara şäherindäki meşhur «Halisko» stadionynyň öňünde futbol şasy Peläniň boýy 9 metrlik bürünç heýkeli goýuldy....