Toyota Camry has agras we sport stiline eýe boldy

  • 27.10.2025 15:21
  • 9.8k+

Toyota kompaniýasy ýörite SEMA týuning sergisi üçin döredilen Camry GT-S sedanynyň konseptini hödürledi. Awtomobil has agras görnüşe eýe boldy, ýöne zawod stilini saklady – inženerler ony önümçilik modeline meňzeş etmäge çalyşdy.

Adaty wersiýadan Camry GT-S kuzowyň ýiti reňki bilen tapawutlanýar – onda mämişi bilen gara reňk utgaşýar. Sedan özboluşly öň bamper we yzky diffuzor bilen täze aerodinamiki elementlere eýe boldy.
Tehniki tarapdan ulag üýtgewsiz galdy diýen ýaly. Kapotyň aşagynda önümçilik wersiýalaryndaky ýaly 232 at güýjüni berýän 2,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň esasynda gibrid enjam oturdyldy. Ýöne inženerler awtoulagyň işleýän bölegine üýtgeşme girizdi:  koýlowerde sazlanýan podweska oturdyldy, şol sebäpli klirens 30 mm peseldi. Şeýle-de, awtomobil Michelin Pilot Sport Cup 2 tekerleri bilen 20 dýuýmlyk disklere we sekiz porşenli tormoz supportlaryna eýe boldy. Bu üýtgeşmeler sedanyň dolandyryjylygyny ýokarlandyrmaly.
Kompaniýa serginiň myhmanlarynyň GT-S konseptine bolan garaýşyny öwrenjekdigini belledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, taslama yzygiderli çykarylýan Camry-nyň geljekki ösüş mümkinçiliklerine baha bermäge kömek eder. 


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......