BYD-yň giperkary Nýurburgringde Xiaomi SU7-niň rekordyny täzeledi

  • 27.10.2025 09:24
  • 3.9k+

BYD konserni Yangwang U9 Xtreme (U9X) elektrik giperkarynyň täze üstünligi barada habar berdi. Kupe Nýurburgring ýolunyň 20,8 kilometrini 6 minut 59,157 sekuntda geçdi. Bu Xiaomi SU7 Ultra sedanyndan 6 sekunt diýen ýaly tizdir.

Şeýle netije U9X-i Nordşlýaýfedäki iň tiz önümçilik elektrokaryna öwürýär.
Şeýle-de, Yangwang U9 Xtreme Nýurburgringde 7 minut görkezijisinden geçmegi başaran ilkinji önümçilik elektrik ulagy boldy. SU7 Ultra ozal bu ýoly 6 minut 22 sekuntda geçdi, ýöne şeýle netije önümçilik awtomobili bolmadyk prototipe degişlidi.
Ýolda absolýut elektrik rekord 6 minut 5,3 sekunt wagty görkezen VW ID.R ýaryş ulagyna degişli.
U9 Xtreme ulagynyň önümçiligi çäkli: şeýle elektrokardan bary-ýogy 30 nusga çykarylar. Model umumylykda 3019 at güýjüni berýän dört elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy, bu SU7 Ultra-dan iki esse köpdür. Elektrokar 2,36 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar.
Hytaýda kupeniň bahasy 1,8 mln ýuandan başlaýar, bu, takmynan, 253 müň dollara barabar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......