Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Wan der Belleni Awstriýanyň Milli güni bilen gutlady

  • 27.10.2025 15:10
  • 2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýar.
Döwlet Baştutany şeýle hem iki ýurduň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellemek bilen, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedoe mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Awstriýa Respublikasynyň Milli güni 26-njy oktýabrda bellenilip geçilýär we 1920-nji ýylda ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine bagyşlanýar.


düýn 17:31
1.3k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....