Özbegistanda täzelenen Chevrolet Cobalt öndürilip başlandy: 50-den gowrak üýtgetme girizildi

  • 26.10.2025 21:51
  • 8.8k+

Özbegistanyň UzAuto Motors zawodynda täzelenen Chevrolet Cobalt arzan sedany önümçilige goýberildi. Model iki görnüşde hödürlenýär: Cobalt Style MCM we Cobalt Midnight MCM.

Ulag täze hereketlendirijini, dolandyryş bloguny, kämilleşdirilen gaz paýlaýyş ulgamyny, täze ABS we howa ýassygyny dolandyryş modullaryny, şeýle hem güýçlendirilen howpsuzlyk ulgamlaryny we anyklaýyş modulyny aldy. Jemi 50-den gowrak bölek we düzüliş elementi täzelendi.
Täze mümkinçilikleriň hatarynda Apple CarPlay we Android Auto goldawly häzirki zaman duýgur ekranly media ulgam, kruiz dolandyryşy bilen köpugurly rul, täze gurallar paneli we ýagtylygy dolandyrmak üçin täze blok bar.
Bu täzelenmeler Cobalt-y diňe tehnologik taýdan däl, eýsem sürüji we ýolagçylar üçin hem has amatly we peýdaly boldy.


22.02.2026 01:47
5.5k+

Özbegistanda aşa çydamly kompozitlerden Magnus Aircraft uçarlary ýygnalyp başlanar

Özbegistan Wengriýanyň "Magnus Aircraft" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda kiçi awiasiýa önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu baradaky ylalaşyk Özbegistanyň ulag ministriniň orunbasarynyň uçar öndürijiniň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda gazanyldy...

26.01.2026 07:39
17k+

Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar

Özbegistanda 1-nji fewraldan başlap, öndürilenine 50 we ondan köp ýyl bolan ulag serişdelerini ulanmaga hem-de täzeden hasaba almaga gadagançylyk güýje girýär. Gadagançylyk antikwar (gadymy) awtomoto ulaglara degişli däl...

30.07.2024 15:02
6.4k+

Özbegistanda Chevrolet Lacetti / Gentra-nyň önümçiligi tamamlandy

Özbegistanda Daewoo Gentra ady bilen hem tanalýan Chevrolet Lacetti-niň önümçiligi tamamlandy. Modeliň soňky nusgasy – gara sedan 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda UzAuto Motors konweýerinden düşürildi. Lacetti/Gentra...

29.06.2024 23:51
19k+

Hytaýyň awtoulag öndüriji zawody ilkinji gezek daşary ýurtda, ýagny Özbegistanda işe girizildi

Elektrik ulaglaryny öndürýän BYD kompaniýasynyň Hytaýyň çäginden daşyndaky ilkinji zawody resmi taýdan Özbegistanda işe girizildi. Jyzak sebitinde ýerleşýän BYD we Uzbekistan Factory-niň bilelikdäki kärhanasy ilkibaşda...