Özbegistanda 1-nji fewraldan başlap, öndürilenine 50 we ondan köp ýyl bolan ulag serişdelerini ulanmaga hem-de täzeden hasaba almaga gadagançylyk güýje girýär. Gadagançylyk antikwar (gadymy) awtomoto ulaglara degişli däl.
Degişli kadalar hökümetiň 20-nji ýanwarda kabul eden ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny sanlylaşdyrmak baradaky kararynda berkidildi.
50 ýyldan köp wagtlap ulanylan awtomobiller we motosikletler döwlet hasabyndan çykarylmalydyr ýa-da antikwar kategoriýasyna geçirilmelidir. Şeýle ulag serişdeleri üçin aýratyn ANT belgiler tapgyry, şeýle hem hasaba almagyň we ulanmagyň ýörite tertibi girizilýär.
2025-nji ýyldaky maglumatlara görä, Özbegistanda öndürilenine ýarym asyrdan gowrak wagt geçen 87,6 müň awtomobil hasapda duran eken. Respublikanyň Içeri işler ministrligi beýle ulaglaryň howpsuzlyk talaplaryna we ekologiýa standartlaryna gabat gelmeýändigini we olaryň soňraky ulaglara garanyňda, zyýanly gazlary 30% köp çykarýandygyny belledi. Şeýle-de ministrlik köne awtomobillerde döwlet belgileriniň bikanun ulanylmagy bilen bagly 139 sany ýagdaý barada habar berdi. 2024–2025-nji ýyllarda olaryň gatnaşmagynda 67 sany ýol-ulag hadysasy bolup, netijede 23 adam heläk boldy.
Şunuň bilen birlikde, fewral aýyndan başlap, ýurtda umumy agramy (ýüki bilen) 44 tonnadan geçýän ýük awtomobilleri üçin (ÝÜK), magdan känlerinde we kariýerlerde ulanylýan ýörite ulaglar üçin (KON), şeýle hem ýuridiki şahslara degişli bolan we ugruň daşynda işleýän taksiler üçin (TTT) täze döwlet belgileri girizilýär.
Şeýle-de karar, ulagyň hasaba alnyş şahadatnamasynda eýesiniň salgysyny görkezmek talabyny ýatyrýar we birnäçe resminamalary elektron ulgamlar arkaly awtomatik usulda alyp bilmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Mundan ozal, 2030-njy ýyla çenli Özbegistanyň Daşkent, Nukus şäherlerinde we welaýat merkezlerinde «Ýewro-5» standartyna laýyk gelmeýän awtomobilleri ulanmagy tapgyrlaýyn çäklendirmegiň meýilleşdirilýändigi habar berlipdi.
Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar
- şu gün 07:39
- 10k+