Bilermenler uzak wagtlap yssyda durýan awtoulaglar üçin esasy töwekgelçilikler barada gürrüň berdiler

  • 10.05.2026 15:03
  • 5.9k+

Duralgada ýöne duran ulaga hiç zat bolmajak ýaly. Emma bilermenler ýakyp barýan Günüň aşagynda ulagyň günläp, hepdeläp durmagy onuň daşky görnüşini bilniksizden üýtgedip biler, bu bolsa gaýtadan satylanda onuň bahasyna dessine täsir eder diýip duýdurýarlar.

Yssylyk esasy zyýany hereketlendirijä-de, hatda elektronika-da ýetirenok. Iň köp zyýan çekýän zat, alyjynyň gözi bilen görýän zady - salon we kuzow.

Aýratynam, salondaky plastik ejizdir. Ýokary temperatura yzygiderli täsir edende, ol ýuwaş-ýuwaşdan reňkini ýitirýär, ýanýar we "ýadaw" görünmäge başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen, panelde ownuk jaýryklar peýda bolup biler, käbir elementleriň bolsa reňki üýtgeýär.

Awtoulag adaty ýagdaýda hereket etmegini dowam etdirýär, ýöne wizual taýdan ýaşyndan uly görünýär.

Bilermenler hut şeýle detallaryň satylanda, köplenç, söwda çekeleşikleriniň çeşmesi bolýandygyny belleýärler. Solgun öň panel, reňki öçen rul ýa-da sary giden bezegler, ulag mehaniki taýdan sagdyn hem bolsa, ideg edilmedik ulagyň täsirini döredýär.

Awtoulag bilermenleri Günüň awtoulaga seýrek halatlarda derrew zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Ol kem-kemden täsir edýär we awtoulagyň daşky görnüşini gün-günden ýaramazlaşdyrýar. Şonuň üçin eýelerine awtoulaglaryny bassyrmanyň aşagynda, ýapyk awtoduralgada goýmak ýa-da mümkin boldugyça Gün şöhlesinden goraýjy ekranlary we kendir saýawanlary ulanmak maslahat berilýär.

Kuzow hem az zyýan çekmeýär. Gün şöhlesine yzygiderli sezewar bolmak boýagyň ýokarky gatlagyny kem-kemden ýok edýär. Awtoulagyň ýalpyldysy ýitýär we ýüzi solgunlaşýar. Bu, esasanam, gara reňkli awtoulaglarda has aýdyň görünýär: wagtyň geçmegi bilen, çalarýar hem-de kuzow köne we reňkini ýitiren şekilde görünýär.

Hereketlendiriji, transmissiýa we tormoz ulgamy, adatça, gysga wagtlaýyn yssa çydamly bolýar. Şeýle-de bolsa, uzak wagtlap hereketsiz galanda, bilermenler akkumulýatory barlamagy maslahat berýärler. Batareýanyň korpusy çişen ýa-da durky üýtgän bolsa, iň gowusy ony çalyşmakdyr.

Käwagt bir endik - ulagy açyk Günüň astynda goýmak - birnäçe ýyldan soň çak edişiňden has gymmada düşüp biler.


düýn 18:36
2.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....